HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gruziýa: Medeni hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Iýun 23, 2025 | 19:30 |4535
23-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory K.Gamsahurdiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi23-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory K.Gamsahurdiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

23-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň Baş direktory K.Gamsahurdiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

1

K.Gamsahurdiýa Ilçini Milli kitaphana we onuň taryhy, şeýle hem Gruziýanyň döwlet we hususy kitaphanalarynyň köpsanly gadymy kitaplar ýygyndysy bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň, şol sanda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine degip geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we çuňlaşdyrmakda ýokary derejedäki saparlaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň uly orun eýeleýändigi aýratyn bellenip geçildi.

2

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň milli kitaphanalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga we göni aragatnaşygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler hakynda durup geçip, Ilçihananyň hem iki ýurduň medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we öraza bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has hem işjeň ösjekdigine we halklaryň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026