Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi başlandy: däp-dessurlar we döredijilik gülläp ösüşiñ baýramçylygy


Düýn, 22-nji iýunda, Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlandy. Bu baýramçylyk çäre Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli geçirilýär.

Ilkinji gezek 2013-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu giň gerimli çäre ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Medeniýet hepdeliginiň baş maksady – türkmen ruhy mirasyny saklamak, öwrenmek we baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyñ döredijilik kuwwatyny ösdürmekdir.

Açylyş dabarasy hökümetiň görnükli wekillerini, Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylaryny, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniñ wekillerini, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini, belli medeniýet we sungat işgärlerini hem-de talyp ýaşlary jemledi. Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gutlag ýüzlenmesini uly üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Medeniýet hepdeliginiň watansöýüjilik duýgularynyň pugtalanmagyndaky we ýurdumyzy dünýä derejesinde tanatmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtady.

«Türkmeniň ak öýi» dabaraly binasynyň girelge zalynda döredijilik we amaly-haşam sungatynyň täsirli sergisi gurnaldy. Bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny we baý medeni mirasyny aýdyň şöhlelendirýän muzeý gaznalaryndan gymmatly esbaplar görkezildi. Sergi ajaýyp halylary, keçe önümleri, gobelenleri, nepis keramika eserleri, täsirli heýkeltaraşlyk işleri, gadymy milli egin-eşikleri hem-de ajaýyp şaý-sepleri bilen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Dabaraly konsert tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyñ we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Türkmeniň ak öýi» jemgyýetçilik zalynda däp bolan toý sadakasy guraldy. Bu toý sadakasy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň nyşany boldy.

«Ak bugdaý» Milli muzeýinde okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy temasy muzeýleriň medeni mirasy gorap saklamakdaky we öwrenmekdäki orny boldy. Çärä gatnaşyjylar muzeý ulgamynyň işjeň ösýändigini aýratyn bellediler. Bu ösüş hormatly Prezidentimiziň goldawy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen mümkin boldy.
Maslahatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ähmiýeti we olaryň halkara gyzyklanmasyny artdyrmakdaky mümkinçilikleri baradaky meseleler hem gozgalyp geçildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Şükür bagşy» atly täsirli sahna oýny görkezildi. Bu sahnanyň aýratynlygy şundadyr: baş gahryman ýarag ýerine dutaryň owazyny ulanyp, doganyny azat edýär. Bu bolsa parahatçylygyň zorluga garşy ýeňiş gazanýandygynyň aýdyñ nyşany boldy.

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy dürli görnüşli çäreler bilen baýlaşdyrylandyr: artistleriň çykyşlary, täze sergiler, täsirli teatr oýunlary, kino görkezilişleri, şeýle hem seminarlary we döredijilik duşuşyklary. Bu çäreleriň ählisi milli medeniýetimiziň köptaraplylygyny giňden açyp görkezmäge hem-de onuň mundan beýläk-de baýlaşmagyna we giňden wagyz edilmegine ýol açýar.

ORIENT








