HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Honor 8200 mA·s batareýaly täze smartfon taýýarlaýar

Iýun 23, 2025 | 16:00 |4807
2025-nji ýylyň aprelinde 8000 mA·s batareýaly Honor Power smartfonyny çykaran Honor kompaniýasy has güýçli batareýa bilen enjam taýýarlamagyň üstünde işleýär. Digital Chat Station-insaýderiniň habaryna görä, täze enjam 8200 mA·s göwrümli akkumulýator bilen üpjün ediler2025-nji ýylyň aprelinde 8000 mA·s batareýaly Honor Power smartfonyny çykaran Honor kompaniýasy has güýçli batareýa bilen enjam taýýarlamagyň üstünde işleýär. Digital Chat Station-insaýderiniň habaryna görä, täze enjam 8200 mA·s göwrümli akkumulýator bilen üpjün ediler
Çeşme: Honor

2025-nji ýylyň aprelinde 8000 mA·s batareýaly Honor Power smartfonyny çykaran Honor kompaniýasy has güýçli batareýa bilen enjam taýýarlamagyň üstünde işleýär. Digital Chat Station-insaýderiniň habaryna görä, täze enjam 8200 mA·s göwrümli akkumulýator bilen üpjün ediler.

Hytaýyň 3C sertifikasiýa guramasynyň maglumatyna görä, 8100 mA·s nominal göwrümli (HB5668A0EIW modeli) batareýa Sunwoda Electronics bilen Honor kompaniýasynyň bilelikde öndürýän litiý-polimer akkumulýatory bolup, onuň nominal energiýasy 30,54 Wt·sagata deňdir. Täze smartfon orta synp enjam hökmünde ornaşdyrylýar, emma onuň ady we çykjak senesi entek mälim edilmedi. Bu enjamyň Honor Power-yň dowam etdirijisi bolmagy ähtimal.

Maglumat üçin, häzirki Honor Power modeli 6,78 dýuýmlyk OLED ekran (1,5K, 120 Hz), Snapdragon 7 Gen 3 prosessor, 66 Wt tiz zarýad beriji, 16 MP öň kamera we 50 MP + 5 MP arka kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol MagicOS 9 we Android 15 operasion ulgamynda işleýär.

Mundan başga-da, Digital Chat Station-nyň habar bermegine görä, taýýarlanylýan eplenilýän Honor Magic V5 smartfony öz synpynyñ rekord derejeli — 6100 mA·s batareýasy bilen çykyp biler. Bu enjamyň galyňlygy bary-ýogy 8,8 mm bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

16:20 Iýul 24, 2026
Saud Arabystany bilen ABŞ parahatçylykly atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

Saud Arabystany bilen ABŞ parahatçylykly atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

15:00 Iýul 24, 2026
KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

14:20 Iýul 24, 2026