HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

Iýun 21, 2025 | 05:35 |6571
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen tanyşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen tanyşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen tanyşdy. Häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezi türkmen halkynyň Milli Lideriniň esasy üns merkezinde boldy. Merkez bu ugurda hakyky öňegidişlik boljakdygyny wada berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan stomatologiýa merkeziniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen jikme-jik tanyşdy. Stomatologiýa merkeziniň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna we binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Bu Merkeze ornaşdyrylýan tehnologiýar we halkara çemeleşme ony öňdebaryjylaryň hataryna çykarýar. Ähli bölümleri, bejeriş otaglary Germaniýa, Awstriýa, ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa ýaly lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär.

21-06-003.jpg

Bu işlere gurluşyk meýdançasyna gelip gören meşhur nemes hünärmenleri, şol sanda sanly stomatologiýa boýunça bilermen professor Aksel Zöllner tarapyndan ýokary baha berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri enjamlaşdyrylyşyndan başga-da, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olar üçin döwrebap iş şertlerini döretmek möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi.

Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň gurluşyga jogapkär wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ähli saglygy goraýyş edaralarynyň işine sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň we dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu bolsa türkmen lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem keseli bejermekden, onuň öňüni almagyň ähmiýetlidigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dürli keselleriň, şol sanda adamlaryň dişiniň sagdynlygyna zyýan berýän näsazlyklaryň öz wagtynda öňüniň alynmagy bejergiden has täsirli bolandygyny belledi.

Saparyň dowamynda Stomatologiýa merkeziniň Aşgabadyň bu künjeginde döredilýän häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň toplumynyň bir bölegine öwrüljekdigi bellenildi. Ol eýýäm Gaýragoýulmasyz “Tiz kömek”, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Şikesleri bejeriş halkara merkezlerini öz içine alýar. Munuň özi ynsan saglygynyň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigini görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy saglyk merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegini we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeligini tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026