HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Iýun 19, 2025 | 16:30 |4142
Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildiGökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler.

1

Ýetginjekler agaç päspelçilikden ylgap geçmek, suw pürküji bilen işlemek, bellenilen aralygy geçip, rejelenip goýlan pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, şeýle hem ýangyn söndürijini ulanmak ukybyny görkezdiler we emeli ýangyny söndürmegiň düzgünlerini düşündirdiler.

2

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, birinji orny «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň topary eýelemegi başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilik «Beýik Serdar nesilleri» we «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toparlary mynasyp boldular.

3

Ýeňijilere diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026