HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda gidrosefaliýaly yaňy doglan çaga ilkinji neýrohirurgiki operasiýa üstünlikli geçirildi

Iýun 18, 2025 | 10:00 |3858
Ýurdumyzyň lukmançylygynyň taryhynda ilkinji gezek türkmen lukmanlary tarapyndan “okklýuzion gidrosefaliýasy” bolan ýaňy doglan çaga neýrohirurgiki operasiýasy üstünlikli geçirildi.Ýurdumyzyň lukmançylygynyň taryhynda ilkinji gezek türkmen lukmanlary tarapyndan “okklýuzion gidrosefaliýasy” bolan ýaňy doglan çaga neýrohirurgiki operasiýasy üstünlikli geçirildi.
Çeşme: TDH

Ýurdumyzyň lukmançylygynyň taryhynda ilkinji gezek türkmen lukmanlary tarapyndan “okklýuzion gidrosefaliýasy” bolan ýaňy doglan çaga neýrohirurgiki operasiýasy üstünlikli geçirildi. Bu özboluşly operasiýa döwlet goldawynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň kömeginiň netijesinde mümkin boldy.

Operasiýa Balkan welaýatyndan bir aýlyk çaga geçirildi. Toplumlaýyn anyklaýyşdan we dersara geňeşmelerinden soňra hünärmenler hirurgiki operasiýasynyň zerurlygy baradaky karara geldiler. Operasiýa ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň birinde üstünlikli geçirildi. Häzirki wagtda çaganyň ýagdaýy durnukly ýaly kesgitlenilýär, ol daş-töweregine işjeň täsir edýär hem-de gowlaşýar.

1

Bu waka Türkmenistanda ýokary tehnologiýa lukmançylygynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli döwlet başlangyçlary, şol sanda “Saglyk” maksatnamasy we “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” strategiýasy durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalaryň çäklerinde infrastruktura we lukmançylyk işgärlerini taýýarlaýyş ulgamy işjeň ösdürilýär.

Taslamanyň maliýe we guramaçylyk goldawyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznasy ýerine ýetirdi. Bu gaznanyň serişdeleri arkaly häzirki zaman enjamlary satyn alynyp, agyr keselleriň bejerişi amala aşyrylýar. Gazna lukmançylyk pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem ýardam berýär. Hususan-da, Germaniýanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hymzatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu bolsa türkmen hünärmenlerine kardiohirurgiýa, ortopediýa we agyr kezelleriň anyklaýşy babatda tejribe almaga mümkinçilik berýär.

2

Çaganyň ata-enesi berlen lukmançylyk kömegi üçin döwletimize we lukmançylyk işgärlerine minnetdarlygyny bildirdiler. Bu waka Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň we ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin mümkinçilikleriň giňeldilýändiginiň nusgasy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026