HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär

Iýun 13, 2025 | 22:00 |7161
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär.

Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýändigini nygtaýar.

“Biz islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurdygyny nygtaýarys” – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026