HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Üýtgeýän gatylykly çeýe elektronika üçin uýgunlaşýan syýa döredildi

Iýun 05, 2025 | 15:00 |3773
KAIST we Seulyñ Milli Uniwersitetiniň inženerleri gatylygyny sazlap bolýan çeýe shemalary çap etmäge mümkinçilik berýän elektron syýa taýýarladylarKAIST we Seulyñ Milli Uniwersitetiniň inženerleri gatylygyny sazlap bolýan çeýe shemalary çap etmäge mümkinçilik berýän elektron syýa taýýarladylar
Çeşme: gettyimages

KAIST we Seulyñ Milli Uniwersitetiniň inženerleri gatylygyny sazlap bolýan çeýe shemalary çap etmäge mümkinçilik berýän elektron syýa taýýarladylar. Bu innowasiýa enjamyň ulanyş şertlerine baglylykda – plastmas ýaly berkden, rezin ýaly çeýe görnüşe geçip bilýän – mehaniki häsiýetlerini üýtgedip bilýän enjamlaryň döredilmegine ýol açýar.

Taslamanyň esasy aýratynlygy – adam bedeniniň temperaturasyna golaý derejede ereýän metal bolan galliniň ulanylmagydyr. Alymlar galliniñ mikro bölejikleri poliuretan bilen garyşdyryp, ýörite syýa döretdiler. Gyzdyrlanda, bu syýa elektrik geçirijilik ukyby bolan we gatylygyny üýtgedip bilýän torlary emele getirýär.

Bu tehnologiýa gorag maksady bilen berk bolup bilýän, soň bolsa ulanyş aňsatlygyny ýa-da beden bilen utgaşmagy üpjün etmek üçin ýumşap bilýän elektronikalary döretmäge mümkinçilik berýär. Mysal hökmünde göçme enjam bolup işläp bilýän, soňra bolsa göteriji lukmançylyk gurallaryna öwrülýän köpugurly enjamlary hem-de ornaşdyrylanda berk bolýan, soň bolsa beýni dokumasynda ýumşap bilýän nerw zondlaryny görkezmek bolar. Bu açyş geljekki funksional elektronika, lukmançylyk we robototehnika üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026