HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-niň ýolbaşçylary PHYF-2025-däki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 12, 2025 | 23:57 |5117
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek PHYF-iň çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildiTürkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek PHYF-iň çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi
Çeşme: roscongress.org

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PHYF) çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi.

“Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini şeýle hem Peterburg halkara ykdysady forumynyň meýdançalarynda we ikitaraplaýyn sapar alyş-çalşygynyň çäginde ýakyn wagtda boljak aragatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar” – diýip, RF-iň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Şeýle hem R.Meredow S.Lawrowy Russiýanyň güni bilen mähirli gutlandygy bellenilýär.

Peterburg halkara ykdysady forumy 18–21-nji iýunda geçiriler, şu ýyl 28-nji gezek geçirilýär. 137-den gowrak ýurtdan we sebitden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026