HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Aziýanyň Kubogyna çykmak ugrunda bäsleşýär

Iýun 11, 2025 | 10:00 |3412
10-njy iýunda Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyndan üstün çykyp, ynamly ýeňiş gazandy.10-njy iýunda Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyndan üstün çykyp, ynamly ýeňiş gazandy.
Çeşme: orient.tm

10-njy iýunda Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyndan üstün çykyp, ynamly ýeňiş gazandy.

Duşuşyk türkmen ýygyndy toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy. Birinji ýarymda Mihail Titow hem-de Yhlas Saparmämmedow topy geçirip tapawutlanyp bildiler. Taýlandyň ýygyndysy Saupaçai Çaýdediň geçiren topy bilen jogap berdi. Emma duşuşygyň ikinji ýarymynda Mekan Saparow jemleýji hasaby düzdi.

Bu oýnuň täze tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky milli toparymyzyň ilkinji ýeňşidigini bellemek gerek. Röwşen Meredow bir hepde mundan ozal ýygyndy topara ýolbaşçylyk edip başlady. Täze tälimçiniň üstünlikli başlangyjy Türkmenistanyň Aziýanyň Kubogynyň jemleýji bölegine çykmak ynamyny has-da berkidýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026