HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gökderede çagalar arasynda stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşikler geçirildi

Iýun 11, 2025 | 18:49 |2931
Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde şaşka, küşt we narda ýaly stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — biziň baş ýörelgämiz» diýen şygar astynda geçirilen çärä çagalaryň suratlarynyň sergisi hem goşuldyGökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde şaşka, küşt we narda ýaly stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — biziň baş ýörelgämiz» diýen şygar astynda geçirilen çärä çagalaryň suratlarynyň sergisi hem goşuldy
Çeşme: education.gov.tm

Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde şaşka, küşt we narda ýaly stoluň üstünde oýnalýan oýunlar boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgesi — biziň baş ýörelgämiz» diýen şygar astynda geçirilen çärä çagalaryň suratlarynyň sergisi hem goşuldy. Intellektual bäsleşikleriň esasy meýdançasy hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitçi» merkezi çykyş etdi.

Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy hem-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşi çykyş etdiler. Bäsleşiklere Gökderedäki ähli sagaldyş merkezlerinden gelen çagalar gatnaşdy.

Ýokary taýýarlyk derejesini görkezen ýeňijiler we baýrak eýeleri hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Bu çäre Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň saglygyny berkitmek, zehinlerini ösdürmek hem-de peýdaly dynç alyşlaryny guramak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli tomusky dynç alyş boýunça döwlet maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Bilim ministrligi tarapyndan beýleki degişli edaralar bilen bilelikde taýýarlanan bu maksatnama ösüp gelýän nesliň saglygyny berkitmäge, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga we intellektual taýdan ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026