HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wise-premýeri Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Iýun 11, 2025 | 11:41 |3521
Duşuşykda özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşykda özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: president.uz

Daşkendiň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda wise-premýer Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, suw hojalygy pudaklarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda kooperasiýanyň güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.

Geçiriljek Sebitler forumynyň, şeýle hem bilelikdäki işewürlik we medeni çäreleriň taýýarlyk işleriniň wajyplygy barada hem nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026