HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Durnukly bezeg: Omar Mansuryň ajaýyp stili Aşgabatda ilkinji gezek çykyş edýär

Iýun 11, 2025 | 05:15 |24514
Özboluşly tikinçiligi we durnukly moda ygrarlylygy bilen tanalýan britan-päkistan dizaýneri Omar Mansur – 11-nji iýunda Aşgabatda açyljak “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisinde möhüm şahsyýetleriň biridirÖzboluşly tikinçiligi we durnukly moda ygrarlylygy bilen tanalýan britan-päkistan dizaýneri Omar Mansur – 11-nji iýunda Aşgabatda açyljak “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisinde möhüm şahsyýetleriň biridir
Çeşme: omarmansoor.com

“Türkmenistanyň baý dokma mirasy bilen Gündogar ussatlygynyň we Günbataryň nepisliginiň sazlaşygyny hödürlemekden hoşal. Bu sergi ählumumy döredijilik dialogyny öz içine alýar. Men bolsa muny elmydama goldap gelýärin” – diýip, Omar Mansur aýtdy.

Özboluşly tikinçiligi we durnukly moda ygrarlylygy bilen tanalýan britan-päkistan dizaýneri Omar Mansur – 11-nji iýunda Aşgabatda açyljak “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisinde möhüm şahsyýetleriň biridir.

Dizaýn ýoly we filosofiýasy

“London College of Fashion” uçurymyy Omar Mansur, gelin, agşamky dabaralar we gündelik lybaslar bilen meşgullanýan kaşaň markany esaslandyrdy. Bu ýerde el işleri ajaýyp matalar we häzirki zaman zenan edebi bilen sazlaşýar. Onuň kolleksiýalary “London Fashion Week”, Pakistan Fashion Week”, “Dubai Fashion Week” münberlerinde meşhurlyk gazandy we dünýä ýyldyzlarynyň we belli şahsyýetleriniň ykrarnamasyny gazandy.

kcf_3956.jpg

Stil aýratynlyklary

Omar Mansuryň işleri ajaýyp görnüşler, nepis keşdeler we nagyşlar, şeýle hem ahlak taýdan çemeleşmek bilen tapawutlanýar: ekologiýa taýdan arassa serişdeleri we senetçilik usullaryny ulanmak, Gündogaryň medeni däplerine çuňňur hormat goýmak bilen tapawutlanýar.

Farhana-Jabeen_-embroidery2.jpg

Belli lybaslary:

• “Swarovski” kristallary we tornagyş bilen bezelen toý köýnekleri

• Adaty gündogar lybaslarynyň häzirki zaman görnüşleri – meselem, mata çekip bezelen sary köýnekler we lehenga lybasy

• Häzirki zaman işewür zenanlar üçin aňyrbaş sada modeller

Näme üçin Omar Mansuryň görkezişine baryp görmeli?

  1. Dünýä premýerasy: Merkezi Aziýanyň dokma önümleri bilen ylhamlanan ýörite kolleksiýa ilkinji gezek Aşgabatda hödürlener.

  2. Ussatlygyň görkezilmegi: El keşdesi we “haute couture” usullarynyň görkezilmegi.

  3. Ekslýuziw sargytlar: Moda lybaslaryny döredijilerden ýörüteleşdirilen lybaslary döretmek mümkinçiligi.

Omar-Mansoor-Fashion-Designer-Atlas-Bayrami-Festival-at-Uzbekistan-fashion-show3.jpg

Dialoga goşant: “TurkmenTextile Expo 2025”-de dizaýneriň wezipesi

Omar Mansuryň Aşgabatdaky sergä gatnaşmagy – bu diňe bir görkeziş däl, eýsem britan dizaýn mekdebi bilen Merkezi Aziýa senetleriniň baý dünýäsiniň arasyndaky barha artýan gatnaşygy alamatlandyrýan waka hem-de moda pudagynda halkara derejesinde alyş-çalyş üçin täze mümkinçilikleri açýar.

“Turkmentextile Expo 2025” barada giňişleýin maglumat alamak üçin:

Telefon: +993 71 87 18 12 / +993 63 71 95 88

Email: https: //contact@turkmenexpo.com/

Web sahypa: https://turkmentextile.turkmenexpo.com/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026