HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen oba hojalyk işgärleri John Deer kompaniýasynyñ soñky nesliniñ döwrebap tehnikasyny ulanyp başladylar

Iýun 09, 2025 | 17:30 |3300
Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň ygtyýaryna “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilen M732i kysymly täze tirkeg sepiji enjamlar gelip başladyTürkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň ygtyýaryna “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilen M732i kysymly täze tirkeg sepiji enjamlar gelip başlady
Çeşme: deere.ua

Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň ygtyýaryna “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilen M732i kysymly täze tirkeg sepiji enjamlar gelip başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu tehnika suwuk dökünleri we ýaprakdan iýmitlendirmegi meýdanlara tygşytly we takyk görnüşde geçirmek hem-de zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Sepiji enjam “John Deere”, “CLAAS”, “MTZ” kysymly traktorlara birikdirilip, sanly elektron dolandyryş ulgamy arkaly işledilýär.

Enjamyň iş gerimi 24 metre barabar bolup, meýdanyň ýagdaýyna we ösümlikleriň islegine baglylykda 24, 18, 12 ýa-da 6 metr giňlikde suwuklandyrylan dökünleri sepmäge mümkinçilik berýär. Ulgam sepiş basyşyny we mukdaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa işiň takyklygyny üpjün edýär.

Täze modeliň artykmaçlyklarynyň biri hem tigir aralygyny ekin hatarlarynyň aralygyna görä sazlap bolmagydyr — 60, 75 ýa-da 90 santimetr. Sepijiniň esasy bakynyň göwrümi 3200 litr bolup, doly iş ýagdaýyndaky agramy 6960 kilograma ýetýär.

Sepiji enjamyň tehniki aýratynlyklary we meýdan şertlerindäki mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Lebap welaýatynda «IPC Agri» kärhanasynyň hünärmenleriniň, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň işgärleriniň, agronomlaryň, ösümlikleri goramak gullugynyň wekilleriniň, tejribeli mehanizatorlaryň hem-de Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-seminar geçirildi.

Seminaryň amaly bölümi pagta meýdanlarynda geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, gelen täze sepiji enjamlar eýýäm meýdanlarda işler bilen gyssagly başlanmak üçin hojalyklara ugradyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026