HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM ABŞ-na giriş çäklendirmelerine düşünişmezlik mälim etdi

Iýun 10, 2025 | 15:15 |8989
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilendigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly beýanat bilen çykyş etdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilendigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly beýanat bilen çykyş etdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilendigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly beýanat bilen çykyş etdi. “Şeýle çözgüt türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýär” diýip, daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk, durmuş, ynsanperwer we beýleki meseleleriniň çözülmegini kadalaşdyrýan konwensiýalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekdäki tejribesi dünýäde ilkinjileriň hataryndadyr. Bular barada BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän dürli halkara forumlarda yzygiderli bellenilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-de nygtaldy.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn esasda raýatlaryň girmegi we çykmagy bilen bagly meselelere netijeli garaýar. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplaryň kanunçylygynyň berjaý edilşine talabalaýyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

“Türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek” – diýip, beýanatda aýdylýar.

Beýan edilenlere esaslanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýokarda agzalan çözgüde “ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýokary netijelerini, şeýle hem onuň häzirki oňyn depginini, şol sanda migrasiýa syýasaty ýaly möhüm ugurdaky ösüşini göz öňünde tutmaýan gyssagly ädim hökmünde” garaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026