HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ Bilim ministrligine görä ýokary okuw mekdepleriniñ iñ gowy mugallymlary belli boldy

Iýun 09, 2025 | 15:40 |3598
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň atlary belli boldy. Bu sanaw Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ekoulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada ORIENT-e ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň atlary belli boldy. Bu sanaw Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ekoulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada ORIENT-e ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň atlary belli boldy. Bu sanaw Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ekoulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada ORIENT-e ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýlelikde, häzirki wagtda sanawyñ ýokarky orunlarynda ýerleşýän mugallymlar:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow;

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň müdiri Sähetgylyç Gylyjow;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň müdiri Gözel Babaýewa;

Türkmen oba hojalyk institutynyň traktor we oba hojalyk tehnikalary kafedrasynyň müdiri Döwlet Durdyýew;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädow;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Bibihajar Kerimowa;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy Maral Aşyralyýewa;

Türkmen oba hojalyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary mugallymy Yusupbaý Ermetow.

Bu mugallymlaryň ýokary baha gazanmagy olaryň okuw-usuly, ylmy makalalaryň neşir edilmekdäki işjeňligi bilen baglanyşyklydyr. Olaryň köpüsi talyp toparlarynyň ýolbaşçylary bolup, dürli ugurlar boýunça okuw gollanmalarynyň we Scopus, Web of Science ýaly halkara ylym-indeks ulgamlaryna girýän ylmy işleriň awtorlarydyr.

Ýurduň ýokary okuw mekdeplerindäki mugallymlary sanaw boýunça baha bermek ulgamy 2022-nji ýylda işe girizildi. Ol mugallymlaryñ işjeňligini elli sany görkeziji boýunça seljerýär. Bu görkezijiler türkmen institutlarynyñ we uniwersitetleriniñ professor-mugallymlar düzüminiň okuw, ylmy, döredijilik we terbiýeçilik işjeňligini öz içine alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026