HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada Hazar deñzine täze ýoluñ gurluşygyna başladylar

Iýun 09, 2025 | 14:30 |2914
Russiýanyň günorta-günbatar sebitinde halkara ulag geçelgesi bolan "Demirgazyk-Günorta" ýolunyň geçiriş ukybyny artdyrmaga gönükdirilen täze ýol gurluşygynyň tapgyry başlandy.Russiýanyň günorta-günbatar sebitinde halkara ulag geçelgesi bolan "Demirgazyk-Günorta" ýolunyň geçiriş ukybyny artdyrmaga gönükdirilen täze ýol gurluşygynyň tapgyry başlandy.
Çeşme: overclockers.ru

Russiýanyň günorta-günbatar sebitinde halkara ulag geçelgesi bolan "Demirgazyk-Günorta" ýolunyň geçiriş ukybyny artdyrmaga gönükdirilen täze ýol gurluşygynyň tapgyry başlandy. Bu geçelge, Zakawkazýe, Hazar sebitiniñ we Orta Aziýa ýurtlary arkaly Günorta Aziýanyñ hem-de Afrikanyň dostlukly döwletleri bilen söwda gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär.

Taslamanyň çäklerinde, Hazaryň kenaryndaky Mahaçkala söwda portuna barýan täze awtoulag ýoly gurular. Bu port Hazarda buzlamaýan ýeke-täk çuň suwly portdyr. Täze ýol häzirki zaman talaplaryna laýyk dört zolakdan ybarat bolup, umumy uzynlygy 6 kilometre ýetýär. Ýoluň ugrunda ulag akymyna gözegçilik ulgamly hereket, şeýle hem iki emeli inžener desgasy, ýol çatryklary we pyýada geçelgesi göz öňünde tutulýar.

Bu başlangyç ilkinji gezek 2023-nji ýylda öňe sürlüpdi, emma şol döwürden bäri taslamanyň bahasy takmynan 2,5 milliard rubl ýokarlandy. Häzirki wagtda umumy çykdajy 8 milliard rubla golaýlady we onuň aglaba bölegi federal býujetiň hasabyna maliýeleşdirilýär. Täze ýoluñ 2026-njy ýylda açylmagyna garaşylýar. Ugur bolsa federal R-215 awtomobil ýolundan (Astrahan – Koçubeý – Kizlýar – Mahaçkala) günorta-gündogara tarap geçer.

Ýol gurluşygy bilen bir wagtda, portuň özi hem döwrebaplaşdyrylýar we täzelenýär. Netijede, onuň ýyllyk ýük geçiriş kuwwaty 11 million tonna çenli ýokarlanar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026