HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SOCAR Türkmenistanda ekologiýa başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

Iýun 09, 2025 | 11:10 |3251
Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) Prezidenti Rowşan Najaf, Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary” atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdyAzerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) Prezidenti Rowşan Najaf, Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary” atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy
Çeşme: report.az

Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) Prezidenti Rowşan Najaf, Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary” atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda çykyş etmek bilen, Rowşan Najaf energetikanyñ, tehnologiýalaryñ we ekologiýanyň birleşýän ýerindäki durnukly ösüş üçin möhüm wezipeler barada gürrüň berdi.

SOCAR-yň 2050-nji ýyla çenli “zyňyndylaryñ arassa nol” derejesine ýetmek maksady, dekarbonizasiýa boýunça başlangyçlary we bu ugurda görlen çäreler barada çykyşynda giňişleýin maglumat berdi. Ol “SOCAR Green” (Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň golçur kärhanasy) tarapyndan durmuşa geçirilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça taslamalary, pes uglerodly çözgütler we metan zyňyndylaryna emeli hemralar arkaly gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

SOCAR-yň prezidenti Azerbaýjanyň dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreşe işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi we COP29 maslahaty ýaly abraýly çäräniñ Bakuda geçirilmeginiň ýurduň ekologik meseleleriň çözgüdine çynlakaý çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026