HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Яндекс Музыка» indi Samsung Galaxy Watch sagatlarynda elýeterli

Iýun 03, 2025 | 16:50 |5760
«Yandex» topary Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary üçin Wear OS platformasynda işleýän «Яндекс Музыка»-nyň awtonom programmasyny hödürledi. Bu goşundy telefona birikmesiz hem doly işleýär we sagat arkaly dolandyrylýar«Yandex» topary Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary üçin Wear OS platformasynda işleýän «Яндекс Музыка»-nyň awtonom programmasyny hödürledi. Bu goşundy telefona birikmesiz hem doly işleýär we sagat arkaly dolandyrylýar
Çeşme: ixbt.com

«Yandex» topary Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary üçin Wear OS platformasynda işleýän «Яндекс Музыка»-nyň awtonom programmasyny hödürledi. Bu goşundy telefona birikmesiz hem doly işleýär we sagat arkaly dolandyrylýar.

Bu goşundy «Яндекс Музыка»-nyň esasy mümkinçiliklerini goldaýar: «Meniň tolkunym» sazyny açmagy, halanýan aýdymlara «like» goýmagy, trekleri kolleksiýa goşmagy, şeýle hem sport üçin niýetlenen maslahatlary sazlamagy («Ylgamak» we «Türgenleşmek») üpjün edýär.

Baş ekranda häzirki wagt çalynýan trek we pleýer üçin çalt elýeterlik döredilen. Aşakda ýüklenen mazmuna we kolleksiýa geçmek üçin düwmeler ýerleşdirilen. Kolleksiýa bölümi ykjam görnüş bilen meňzeş taýýarlanyldy we albomlara, ýerine ýetirijilere, podkastlara, kitaplara hem-de «Maňa ýaraýar» diýen pleýliste geçmäge mümkinçilik berýär. Internede birikmesiz saz diňlemek üçin aýratyn «Ýüklenenler» bölümi hem döredildi.

Goşundy Samsung Galaxy Watch4 we ondan täze modeller üçin Google Play arkaly ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ol Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň ulanyjylary üçin elýeterli.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026