HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Edit-i hödürleýär: Windows 11 üçin täze minimalistik tekst redaktory

Iýun 06, 2025 | 15:59 |5453
Microsoft Windows 11 üçin täze “ýörite ýeňil” tekst redaktory bolan Edit-i işläp düzýär. Bu programma bary-ýogy 230 KB ýer eýeleýär we nusgawy MS-DOS Editor-ynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde çykyş edýär — ol örän az serişde talap edýär we Visual Studio Code-dan ylham alan interfeýs bilen bilelikde hödürlenýärMicrosoft Windows 11 üçin täze “ýörite ýeňil” tekst redaktory bolan Edit-i işläp düzýär. Bu programma bary-ýogy 230 KB ýer eýeleýär we nusgawy MS-DOS Editor-ynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde çykyş edýär — ol örän az serişde talap edýär we Visual Studio Code-dan ylham alan interfeýs bilen bilelikde hödürlenýär
Çeşme: Microsoft

Microsoft Windows 11 üçin täze “ýörite ýeňil” tekst redaktory bolan Edit-i işläp düzýär. Bu programma bary-ýogy 230 KB ýer eýeleýär we nusgawy MS-DOS Editor-ynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde çykyş edýär — ol örän az serişde talap edýär we Visual Studio Code-dan ylham alan interfeýs bilen bilelikde hödürlenýär.

Bu redaktor "Notepad"-y sadalygy üçin halap, emma WordPad goldawy ýatyrlandan soñ onuñ işleýşiniñ giñeldilmegine duçar bolan ulanyjylaryň tankydyna jogapdyr. Edit, mümkin boldugyça ýönekeý we çalt tekst redaktory gözleýänler üçin niýetlenendir. Ony işe girizmek üçin terminalda diňe edit buýrugyny ýazmak we Enter düwmesini basmak ýeterlikdir. Edit birnäçe resminamalaryñ arasynda geçmäge, belli setirlere geçmäge we beýleki esasy amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, ol tekst formatlamagy, emeli añ aýratynlyklary ýa-da beýleki ösen funksiýalary goldamaýar — bu diňe çaltlyk we minimalizm üçin niýetlenen “arassa” tekst redaktorydyr.

Häzirki wagtda Edit programmasynyň bir möhüm çäklendirmesi bar: faýllary göni saklamak mümkinçiligi ýok. Redaktirlenen teksti başga bir programma (meselem, “Notepad”, Visual Studio Code ýa-da Word) geçirip saklamak gerek bolýar. PCWorld-yň habaryna görä, bu ýagdaý programmanyň heniz işlenip düzülýän döwründedigini görkezýär, we onuň mümkinçilikleri entek giňeldiler. Häzirki wagtda Edit diňe GitHub arkaly gurup bolýar. Microsoft ýakyn geljekde ony diňe ýumuşlar setiri üçin niýetlenen “standart tekst redaktoryna” öwürmegi meýilleşdirýändigini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026