HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Meta duýgulary tanap bilýän Aria Gen 2 akylly äýneklerini hödürledi

Iýun 06, 2025 | 17:09 |5206
Meta kompaniýasy öňki modellerden ep-esli üstün çykýan synag üçin niýetlenen täze Aria Gen 2 akylly äýnekleri bilen tanyşdyrdyMeta kompaniýasy öňki modellerden ep-esli üstün çykýan synag üçin niýetlenen täze Aria Gen 2 akylly äýnekleri bilen tanyşdyrdy
Çeşme: Meta

Meta kompaniýasy öňki modellerden ep-esli üstün çykýan synag üçin niýetlenen täze Aria Gen 2 akylly äýnekleri bilen tanyşdyrdy. Ulanyjy üçin çykarylan Ray-Ban Meta äýneklerinden tapawutlylykda, Aria Gen 2 — bu geljekki dakylýan enjamlar üçin ylmy-gözleg maksatly döredilen guraldyr.

Äýnekler güýçli prosessor we öňdebaryjy maglumat görkezijileri bilen üpjün edilendir. Olar 80° burçly dört kamera arkaly çuňlugy ölçemäge we obýektleri yzarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, enjamda UV ýagtylyk görkezijisi, gaty sesli şertler üçin niýetlenen kontakt mikrofony we ýürek urgusyny ölçeýän pulsometr bar.

Aria Gen 2 ulanyjynyň garşysyndaky obýektlere serediş usulyny täze derejä çykarýar — ol göz ugruny, göz gyrpmany, gözüň görejini we fokus nokadyny anyklap bilýär. Şeýle-de, äýnekler eliň hereketlerini hem yzarlap bilýär. Bu aýratynlyklar robotlary tälim bermek we yşaratlary tanamak ýaly ugurlarda giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle mümkinçilikleriň bolmagy bilen, äýnekler diňe bir ulanyjynyň nämä seredýändigini däl, eýsem onuň obýektler bilen nähili täsirleşýändigini we hatda duýgularyny hem seljerip bilýär.

Bu äýnekler kontekstual emeli añ bilen işleşýän kompýuter görüşi we robototehnika boýunça hünärmenler üçin döredilendir. Olar algoritmleriň dünýä bilen özara täsirleşmeginiň we nawigasiýasynyň täze usullarynyň işlenip düzulmegine kömek eder. Meta bu ýyl Aria Gen 2 üçin elýeterlilik boýunça arzalary kabul edip başlamagy meýilleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026