HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Razer Phantom kolleksiýasyny hödürleýär: aýdyň dizaýn we ýagty yşyklandyryş

Iýun 06, 2025 | 15:05 |4103
Razer kompaniýasy dört sany meşhur aksessuary täzeçe görnüşde hödürleýän Phantom atly täze kolleksiýasyny çykardy. Täze önümleriň esasy aýratynlygy — ýarym açyk ýaşyl korpusdyr. Bu diňe bir Razer-iň meşhur RGB yşyklandyryşyny has hem täsirli etmän, eýsem ulanyjylara enjamlaryň içindäki komponentleri görmek mümkinçiligini hem döredýärRazer kompaniýasy dört sany meşhur aksessuary täzeçe görnüşde hödürleýän Phantom atly täze kolleksiýasyny çykardy. Täze önümleriň esasy aýratynlygy — ýarym açyk ýaşyl korpusdyr. Bu diňe bir Razer-iň meşhur RGB yşyklandyryşyny has hem täsirli etmän, eýsem ulanyjylara enjamlaryň içindäki komponentleri görmek mümkinçiligini hem döredýär
Çeşme: Razer

Razer kompaniýasy dört sany meşhur aksessuary täzeçe görnüşde hödürleýän Phantom atly täze kolleksiýasyny çykardy. Täze önümleriň esasy aýratynlygy — ýarym açyk ýaşyl korpusdyr. Bu diňe bir Razer-iň meşhur RGB yşyklandyryşyny has hem täsirli etmän, eýsem ulanyjylara enjamlaryň içindäki komponentleri görmek mümkinçiligini hem döredýär.

1

Işleýiş taýdan Phantom kolleksiýasyna girýän ähli enjamlar öz asyl modelleri bilen birmeňzeşdir. Şeýle-de bolsa, dizaýnda girizilen üýtgeşmeler käbir enjamlaryň bahasyna täsir etdi. Razer BlackWidow V4 75% klawiaturasy Phantom Edition görnüşinde öňküsi ýaly $199,99 bahadan satylýar. Galan aksessuarlar bolsa birneme gymmatlady: Razer Basilisk V3 Pro 35K simsiz syçanjygy indi $169,99, Barracuda X Chroma simsiz gulaklygy $139,99, Firefly V2 Pro syçanjyk halysy bolsa $109,99 durýar. Bu enjamlaryň her biri asyl görnüşlerinden $10 gymmatdyr.

Razer-iň bellemegine görä, täze kolleksiýa diňe bir inženerçilik çözgütlerini görkezmek üçin däl, eýsem her bir önümi innowasiýanyň nyşanyna öwürmek üçin döredildi. “Önümlerimiziň içki gurluşyny görkezmek bilen biz diňe bir inženerçilik pikirimizi äşgär etmeýäris — biz her bir önümi innowasiýalaryň ruhuny görkezýän nusgalyk enjam hökmünde hödürleýäris,” - diýip kompaniýa habar berýär.

Phantom Edition kolleksiýasyna girýän ähli dört täzelik eýýäm Razer-iň resmi onlaýn dükanynda we ygtyýarly satyjylarda satuwa çykaryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026