HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda halkara bäsleşik: Ýaşlar we durnukly ösüş

Iýun 04, 2025 | 18:18 |3735
Iýun aýynyň 2-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim hem-de Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde talyplaryň arasynda ylmy taslamalar boýunça halkara bäsleşigini geçirdiIýun aýynyň 2-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim hem-de Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde talyplaryň arasynda ylmy taslamalar boýunça halkara bäsleşigini geçirdi
Çeşme: education.gov.tm

Iýun aýynyň 2-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim hem-de Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde talyplaryň arasynda ylmy taslamalar boýunça halkara bäsleşigini geçirdi. Bu çäre Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe we Ylymlar gününe bagyşlandy.

Bäsleşigiň esasy temasy «Ýaşlaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki orny» boldy. Bu bäsleşik bu ugurda geçirilen üçünji halkara çärä bolup, onuň maksady halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden, talyplaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekden we olaryň ylmy gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyñ ilkinji döwletleriň biri hökmünde BMG-niň ähli 17 Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) resmi taýdan kabul edendigi barada bellendi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň bu maksatlara laýyk gelýändigi nygtaldy. Munuň subutnamasy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamasy görkezildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyryna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa we Sloweniýa ýaly 13 ýurtdan jemi 131 iş gelip gowuşdy. Ikinji tapgyra 36 taslama saýlanyp alndy, olar DÖM ugurlarynyň – açlygyň ýok edilmegi, arassa suw, elýeterli energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz we gury ýer ekoulgamlarynyñ goralmagy ýaly möhüm ugurlaryna goşan gymmatly goşandy bilen tapawutlandy. Bu işler durnukly ösüşe ýetmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň edýän tagallalaryna ähmiýetli goşant goşmaga gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026