HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri geljegi uly bolan hyzmatdaşlyga garadylar

Iýun 05, 2025 | 20:00 |6237
5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de syýasy dialogy berkitmekde iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de syýasy dialogy berkitmekde iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler
Çeşme: mfa.gov.tm

5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de syýasy dialogy berkitmekde iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara giňişliginde hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine, şol sanda ählumumy guramalaryň çäklerindäki tagallalara garraldy. Ministrler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hukuk binýadyny ösdürmäge aýratyn üns berip, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, dokma, himiýa, nebithimiýa hem-de derman senagaty ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň möhüm temasy sebit üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem taraplaryň üns merkezinde boldy.

Ministr Meredow 6-njy iýunda geçiriljek “Hindistan-Merkezi Aziýa” dialogynyň 4-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin Nýu-Delide saparda bolýar. Dialogyň dowamynda söwda, tehnologiýa, howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

5-nji iýunda Dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Hindistan-Merkezi Aziýa işewürler geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026