HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Iýun 05, 2025 | 13:10 |3943
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy.2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistan mundan ozal hem 2013–2015-nji ýyllarda we 2019–2021-nji ýyllarda ECOSOC-yň düzümine giripdi.

Ykdysady we Durmuş Geňeşi ykdysady we durmuş ösüşine ýardam bermek, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, doly iş bilen üpjünçiligi gazanmak, şeýle hem ykdysady, durmuş we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky halkara meseleleri çözmek bilen meşgullanýar. Şeýle-de, bu Geňeş medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, adam hukuklarynyň ilerledilmegine we goralmagyna ýardam edýär.

ECOSOC 54 agza döwletden ybarat bolup, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Her ýylda möhleti tamamlanan döwletleriň ýerine sebit toparlaryndan 18 täze agza saýlanylýar.

Bu Geňeş 1946-njy ýylda BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda döredildi we BMG-niň hem-de onuň ulgamyna girýän guramalaryň ykdysady we durmuş işlerini utgaşdyrýan esasy edaralarynyň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç esasynyň – ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026