HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyñ ilkinji synaglary geçirildi

Iýun 04, 2025 | 16:00 |3023
Russiýanyň 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji synaglary maý aýynda Tomsk oblastynda geçirildi we üstünlikli tamamlandyRussiýanyň 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji synaglary maý aýynda Tomsk oblastynda geçirildi we üstünlikli tamamlandy
Çeşme: mail.ru

Russiýanyň 5G hemra aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji synaglary maý aýynda Tomsk oblastynda geçirildi we üstünlikli tamamlandy. Synagda hünärmenleri tarapyndan “Telekom-taslama-5” kompaniýasynyň işläp düzen köp şöhleli fazirlenýän antennaly 5G aragatnaşyk ulgamynyň demonstratory barlanyldy. Bu ulgam hereket edýän emeli hemra garamazdan ýer ýüzünde durnukly 5G örtük zolaklaryny döredýär.

Synaglaryň dowamynda uçýan barlaghanadan bäş sany uçarmansyz uçar bilen dolandyryş aragatnaşyk ugry döredildi. Bu barlaghana TVS-2MS uçarynyň esasynda ýerleşdirildi we howa giňişliginde hemra ýaly hereket edipdi. Ýerüsti dolandyryş nokadyndan hünärmenler maglumat iberiliş ugruny üpjün edip, 5G aragatnaşyk ulgamyny gözegçilikde sakladylar we şol ulgam arkaly uçarmansyz uçarlary dolandyrdylar.

Ileri tutulýan barlaglar gaznasynyñ tassyklamagyna görä, uçýan barlaghanada ýerleşdirilen bort 5G aragatnaşyk tehnologiýasy ýer-kosmos ýa-da diňe kosmos ulgamynda uçarmansyz serişdeleri dolandyrmaga mümkinçilik berer. Synaglaryň dowamynda bort bilen ýerüsti terminallaryň arasynda 5G signalynyň durnukly kabul edilmegi we iberilmegi üstünlikli amala aşyryldy. Bu terminallar 5G telefonlarynyñ wezipelerini gaýtalaýardy.

"Geljekde emeli hemralarda ulanylmagy meýilleşdirilýän rus 5G bort enjamynyň aýratynlygy – fazirlenýän antennaly köp şöhleli ulgam arkaly Ýeriň üstünde hereket etmeýän birnäçe hyzmat zolaklarynyň döredilmegidir. Şeýlelikde, bu enjam ýerleşdirilen uçýan ýa-da geljekde hemra görnüşindäki enjamlar egrik ugry boýunça hereket etse-de, signal zolagy durnukly galýar" - diýip, Gazna tarapyndan bellenilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026