HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maý aýy boýunça dünýäniñ iñ gymmatlan harytlary belli boldy

Iýun 03, 2025 | 09:30 |3217
Maý aýynda maýa goýumlar üçin iñ amatly harytlar kakao däneleri we platina, iñ ýitgili bolsa kofe bilen litiý boldyMaý aýynda maýa goýumlar üçin iñ amatly harytlar kakao däneleri we platina, iñ ýitgili bolsa kofe bilen litiý boldy
Çeşme: coffee-static.storage

Maý aýynda maýa goýumlar üçin iñ amatly harytlar kakao däneleri we platina, iñ ýitgili bolsa kofe bilen litiý boldy. Bu maglumatlary ICE Futures, CME Group hem-de Şanhaýyñ metallar biržasyna salgylanyp, РИА Новости seljerip berýär.

Şeýlelikde, şokolady taýýarlamak üçin gerekli bolan kakao däneleriniñ bahalary maý aýynda 11% ýokarlandy. Beýleki oba hojalyk önümleriñ arasynda pyrtykal miwe suwynyñ (+7,9%), tüwiniñ we süläniñ (hersi +2,9%) nyrhlary ýokarlandy. Metallaryñ arasynda iñ gymmat we ähli harytlaryñ arasynda bahasy ýokary galan ikinji haryt bolup platina boldy. Maý aýynda dünýä biržalarynda onuñ bahasy 9,2% artdy.

Şeýle hem, galaýy 5,2% we mis 3,1% ýokarlandy. Altyn bolsa geçen aýlar ýeten nyrhyny biraz ýitirip, bary-ýogy 2,9% ýokary galdy. Energetika pudagynda ýaýbañlanan energiýa göterijileriniñ arasynda kömür (aýda 8,2%), Ýewropada gaz (5,5%) we uran (5,4%) oñaýly ösüş depginini görkezdi.

Ähli harytlaryñ arasynda kofe bahalary pese düşdi: robustu nyrhy 13,2%, arabika bolsa 11% pese düşdi. Iñ arzanlan harytlaryñ üçlügine litiý girip, bir aýda 9,2% möçberde öz bahasyny ýitirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026