HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi

Iýun 02, 2025 | 20:05 |3220
Şu gün Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi.Şu gün Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün Aşgabatdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan hindi sazynyň we tansynyň konserti geçirildi.

Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle-de ministrlikleriň we medeniýet edaralarynyň işgärleri bardy. 1 Konsertiň açylyşynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol türkmen tarapyna hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, konsertiň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda yglan edilen “2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanandygyny nygtady. Ilçi şeýle hem hindi toparynyň Awazada geçiriljek Halk tanslary festiwalyna hem gatnaşjakdygyny aýdyp, bu medeni çäreleriň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrjakdygyna umyt bildirdi.

Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde Hindistandan gelen topar çykyş etdi. Konsert maksatnamasyna halk tanslary, şeýle-de hindi kinolaryndan alnan meşhur saz eserleri girizildi. Konsert däp bolan “Ganeş Wandana” tansy bilen başlandy. Rajastandan gelen “Ghumar” tansy hem-de pendžab stilindäki çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. 2 Wokalist Winod hindi kino sungatyndan dürli onýyllyklary öz içine alýan meşhur aýdymlary ýerine ýetirdi, olar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. 3 Bu çäre hindi medeniýetiniň baýlygyny we köpdürliligini görkezdi hem-de türkmen tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026