HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dil ugrundan ýokary okuw mekdebiniñ talyby Koreýa Respublikasyndaky "Quiz on Korea" bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistana wekilçilik eder

Iýun 03, 2025 | 10:00 |4710
Şenbe güni Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan “Quiz on Korea” atly wiktorinasy geçirildiŞenbe güni Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan “Quiz on Korea” atly wiktorinasy geçirildi
Çeşme: kbsworld

Şenbe güni Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan “Quiz on Korea” atly wiktorinasy geçirildi. Aşgabatda geçirilen başlangyç tapgyra Türkmenistandan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Sejong şa adyndaky Koreý dili okuw merkezi tarapyndan 50 talyp gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşanlar Koreýa barada giň bilimleriniň bardygyny subut edip, çylşyrymly soraglara jogap berdiler. Bu çäre gyzykly we hyjuwly bäsleşik häsiýetine eýe bolup, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Netijede, birinji orny we 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilmeli “Quiz on Korea” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistana wekilçilik etmäge mümkinçilik alan talyp — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýlar Aşyrowa boldy.

Ikinji we üçünji orny eýelän talyplar hem aýratyn bellendi we Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan baýraklar bilen sylaglandy. “Quiz on Korea” — Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrligi hem-de Koreýanyň Ýaýlym ulgamy (KBS) tarapyndan geçirilýän halkara jemgyýetçilik diplomatiýasy maksatnamasynyň çäginde guralýan meşhur telebäsleşikdir.

Bäsleşigiň maksady — gatnaşyjylaryň Koreýa baradaky umumy bilim derejesini kesgitlemekdir. “Quiz on Korea” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry adaty ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň özünde geçirilýär we oňa her bir gatnaşyjy öz ýurdunyň wekili hökmünde gatnaşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026