HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ulan-Batorda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Iýun 02, 2025 | 13:35 |5692
Şu gün, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Hormatly myhmany Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh garşy aldyŞu gün, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Hormatly myhmany Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh garşy aldy
Çeşme: montsame.mn

Şu gün, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Hormatly myhmany Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh garşy aldy. Dabaradan soň iki döwletiň Baştutanlary resmi gepleşikler geçirdiler. Onuň dowamynda Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky soňky 30 ýylda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ykdysady düzümine ünsi çekip, ýakyn ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

683d23db4e20d.jpg

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh, Mongoliýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary, esasanam Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şeýle hem ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Mongoliýanyň döwlet Baştutany özara döwlet saparlarynyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny kanagatlanma bilen beýan etdi we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň 2024-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp ugurlarda işjeňleşendigini belledi. Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandygy kanagatlanma bilen billediler.

Taraplar iki ýurduň Hökümetleriň we guramalarynyň arasynda ylalaşyklaryň we şertnamalaryň gol çekilmegini gutladylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin hukuk binýadyny has-da berkitmek barada şeýle hem söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, ýeňil senagaty, ylym, bilim we saglygy goraýyş pudaklarynda hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmak we giňeltmek barada ylalaşdylar.

a30dfe15647c708da2205e6ce1aa3ce0.jpg

Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň orny hem bellenildi we ulag aragatnaşygyny giňeltmek we logistikany ösdürmek üçin ýol ulaglary boýunça bilelikdäki komitetiň, oba hojalygy, weterinariýa we maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy diýip, “Montsame” habarlar agentligi habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we eksportyň we importyň gerimini giňeltmek nukdaýnazaryndan ýeňil senagatda taslamalary we maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.

Bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, taraplar uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek, mongol we türkmen talyplaryny iki ýurduň Hökümetleriniň talyp hakly maksatnamalaryna goşmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we medeni çäreleri guramak üçin bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Döwlet Baştutanlary taraplaryň halkara we sebit gi öňe süren tekliplerine we başlangyçlaryna özara goldaw berýändiklerini, daşky gurşawy goramak, tokaýlar, suw serişdelerini, şeýle hem ählumumy howanyň üýtgemegine we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça halkara guramalarynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlygy tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026