HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy

Iýun 02, 2025 | 15:00 |5715
2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet Huralynyň (parlamentiniň) Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşyk geçirdi2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet Huralynyň (parlamentiniň) Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: montsame.mn

2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet Huralynyň (parlamentiniň) Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda 1992-nji ýylda Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet saparynyň taryhy gatnaşyklar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrjakdygyna hem-de dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegine ähmiýetli goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Parlamentiniň ýolbaşçysy Amarbaýasgalan Mongoliýanyň Beýik döwlet huraly bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, şol sanda parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçdi hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iki ýurduň ýaşlarynyň hem-de zenanlarynyň arasynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen maksadyny beýan etdi.

Taraplar hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri, şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, MONTSAME habarlar agentliginiň maglumatyna görä, “Montsame” habarlar agentligi habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026