HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyñ DeepSeek startapy täzelenen R1 modeli bilen EA bazarynda bäsdeşligi güýçlendirýär

Maý 29, 2025 | 13:12 |4932
Emeli añ babatda Hytaýyñ DeepSeek startapy özüniñ R1 pikirleniş modeliniñ täzelenen görnuşini çykaryp, OpenAI ýaly bazaryñ amerikan öñdebaryjy kompaniýalaryna garşy bäsdeşligi güýçlendirýärEmeli añ babatda Hytaýyñ DeepSeek startapy özüniñ R1 pikirleniş modeliniñ täzelenen görnuşini çykaryp, OpenAI ýaly bazaryñ amerikan öñdebaryjy kompaniýalaryna garşy bäsdeşligi güýçlendirýär
Çeşme: ixbt.com

Emeli añ babatda Hytaýyñ DeepSeek startapy özüniñ R1 pikirleniş modeliniñ täzelenen görnuşini çykaryp, OpenAI ýaly bazaryñ amerikan öñdebaryjy kompaniýalaryna garşy bäsdeşligi güýçlendirýär.

DeepSeek işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenen Hugging Face platformasynda R1-0528 modelini hödürledi. Muña garamazdan model barada resmi köpçülikleýin habar ýa-da giñişleýin düşündirme berilmedi. Şeýle-de bolsa, onuñ öndürijiligi eýýäm özüne ünsi çekdi.

Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniñ, Massaçusetsiñ tehnologiýa institutynyñ hem-de Kornell uniwersitetiniñ alymlary tarapyndan işläp düzülen LiveCodeBench sanawyna laýyklykda, DeepSeek startapynyñ täzelenen R1 modeli täsirli netijeleri görlezdi. Ol OpenAI o4 mini we o3 modellerinden kodyñ generasiýasy boýunça biraz yza galýar, emma xAI-niñ Grok 3 mini we Alibaba-nyñ Qwen 3 modellerinden üstündir.

R1özboluşly modeliniñ ýanwar aýyndaky goýberilişi eýýäm dünýä bazarlaryna ep-esli derejede täsirini ýetirip, Hytaýyñ daşyndaky tehnologiki kompaniýalarynyñ paýnamalarynyñ birbada pese düşmegine sebäp boldy. Bu hadysa EA-ny ýaýbañlandyrmak üçin ägirt uly hasaplaýyş kuwwatlyklaryñ we maýa goýumlaryñ gerekdigi baradaky umumy kabul edilen pikiri şüphe astynda goýdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026