HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HHR-niň Ilçihanasyndan hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyna garaýyş

Maý 31, 2025 | 09:30 |6481
Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Hytaý Türkmenistanyň iň uly işewür hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirýär we söwda gurluşy iki ýurt üçin hem birek-birege peýdalydygyny görkezýärDünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Hytaý Türkmenistanyň iň uly işewür hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirýär we söwda gurluşy iki ýurt üçin hem birek-birege peýdalydygyny görkezýär
Çeşme: orient.tm

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine ýetdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar energetika we infrastrukturadan sanly tehnologiýalara we ynsanperwer alyş-çalyşlara çenli giň ugurlary öz içine alýar. Bilermenleriň pikiriçe, şeýle ösüş depgini berk syýasy dialoga, birek-birege hormat goýmaga we durnukly ösüşe bolan islege esaslanýar.

HHR-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi jenap Li Ýue hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi üpjün edýän esasy görkezijiler: iki ýurduň liderleriniň strategiki ýolbaşçylygy, täsirli institusional mehanizmler we işewürlik diýip hasaplaýar.

Şeýlelik-de, 2024-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa ondan öňki ýyldakydan 11% köpdir.

Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Hytaý Türkmenistanyň iň uly işewür hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirýär we söwda gurluşy iki ýurt üçin hem birek-birege peýdalydygyny görkezýär. Şeýlelik-de, Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy, pagta ýüplükleri we oba hojalyk önümlerini eksport edýär, şol bir wagtyň özünde bolsa Hytaý enjamlar, ulag serişdeleri we giň sarp ediş harytlary bilen üpjün edýär. Söhbetdeşlikde jenap Li Ýue, Hytaýyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagy we düzgünleri halkara standartlary bilen sazlaşdyrmagy maksat edinýän “ýokary derejeli açyklyk” strategiýasyny goşmak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ugurlary barada oýlanşykly gürrüň berdi.

Söhbetdeşlik, Huawei, CRRC Ziyang we Yutong ýaly hytaý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň telekommunikasiýa we ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakdaky ornuna belli bir derejede orun berildi.

Önümleri hödürlemek, işewür gatnaşyklar gurmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin meýdança bolup hyzmat edýän Hytaýyň halkara import eksposy (CIIE) we Kanton ýarmarkasy ýaly Hytaýyň halkara sergilerinde türkmen kärhanalary üçin mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Diplomat sanlylaşdyrma, “ýaşyl” tehnologiýalar we innowasiýa ýaly hyzmatdaşlygyň energetika bilen baglanyşykly däl ugurlaryna aýratyn üns berýär we Hytaý bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň iki ýurt üçin uzak möhletleýin üstünlikleri we durnukly ösüş üçin mümkinçilikleri açýandygyny belleýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada has çuňňur düşünmek üçin HHR-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi jenap Li Ýue bilen geçirilen söhbetdeşligiň wideo görnüşine tomaşa etmäge çagyrýarys.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

20:52 Sentýabr 21, 2026