HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýa we Türkmenistan hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy işjeñleşdirýär

Maý 30, 2025 | 12:45 |4022
29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramowyñ Ýaponiýanyñ adalat ministri Keýsuke Sudzuki bilen duşuşygy geçirildi.29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramowyñ Ýaponiýanyñ adalat ministri Keýsuke Sudzuki bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Ýaponiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sosial mediýasy

29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramowyñ Ýaponiýanyñ adalat ministri Keýsuke Sudzuki bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ ösüşi barada maslahatlaşyp, "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" formatynyñ çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky ilçihanasynda habar berilýär.

Ýapon tarapy ýurtlaryñ arasynda hukuk ulgamy boýunça gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmen tarapy ministri Türkmenistana gelmäge çagyrdy hem-de BMG-niñ deñze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryñ üçünji maslahaty (5-8-nji awgust, Awaza) hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyñ bitaraplygynyñ 30 ýyllygyna bagyşlanan forumy (12-nji dekabr, Aşgabat) ýaly halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.

Taraplar "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" Dialogynyñ çäklerinde bilelikdäki işi dowam etdirmegi barada ylalaşdylar.

"Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" Dialogy 2004-nji ýylda döredilip, Ýaponiýany hem-de sebitiñ bäş ýurduny, şol sanda Türkmenistany energetika, durnukly ösüş, ulag, hukuk meseleleri boýunça özara gatnaşygy we ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin birleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

Aşa sagçy AfD Saksoniýa-Anhalt saýlawlarynda 44 göterim ses alyp, rekord netijäni görkezdi

20:00 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026