HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GAP CLK Worldwide - TurkmenTextile Expo-2025 sergisiniñ ygtybarly halkara hyzmatdaşy we kümüş hemaýatkäri

Maý 29, 2025 | 18:10 |4339
Çalık Holding energiýa, gurluşyk, dag-magdançylyk, dokma we maliýe pudaklarynda 34 döwlete ýaýran global derejedäki işjeňligi bilen tanalýar.Çalık Holding energiýa, gurluşyk, dag-magdançylyk, dokma we maliýe pudaklarynda 34 döwlete ýaýran global derejedäki işjeňligi bilen tanalýar.
Çeşme: orient.tm

Çalık Holding energiýa, gurluşyk, dag-magdançylyk, dokma we maliýe pudaklarynda 34 döwlete ýaýran global derejedäki işjeňligi bilen tanalýar. Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmak bilen, ýurt içine maýa goýumlaryny dowam etdirýär. Dürli pudaklara işjeñ gatnaşmagy ýurduň mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar. Onuñ maksady Türkmenistanyň döwlet syýasatyna laýyklykda halkara üstünligi gazanmagyndan ybaratdyr.

Bu garaýyş esasynda dokma pudagynda döredilen GAP Pazarlama A.Ş. 1994-nji ýylda Çalık Holding-iň düzüminde esaslandyryldy we gysga wagtda ýüplükden jins mata çenli, taýýar egin-eşikden halkara söwdasyna çenli bolan giň ugurda hil, ynam we müşderä gönükdirilen ýörelgeleri bilen pudagyň öňdebaryjylarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň ýokary hünärli işçi güýji, önümçilik kuwwaty we strategik ýerleşişi, şeýle-de ýola goýlan hyzmatdaşlyk, GAP-yň dünýä derejesinde ösüşiniň iň berk sütünleriniň biridir.

Bu ýokary depginli gurluş logistikada we söwdada tejribesi bilen tapawutlanýan CLK İpekyolu Lojistik A.Ş. bilen strategik birleşmäniň netijesinde täze derejä çykdy. GAP CLK WORLDWIDE ady bilen dörän bu sinergiýa, täze nesil hyzmat modelini we üpjünçilik zynjyryny hödürleýän, dokma, söwda we logistika hyzmatlaryny birleşdirýän täzeçil gurluş bolup çykyş edýär.

GAP CLK WORLDWIDE, “TurkmenTextile Expo-2025” sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde diňe bir haryt nyşany däl. Bu kompaniýa dokma senagatynda Türkmenistanyň ösýän kuwwatyny we dünýä moda bazarlarynda mümkinçiligini tanatmaga öz goşandyny goşýar. Kompaniýanyñ sergä gatnaşmagy, onuñ täzeçillige, hil ölçeglerine we halkara standartlaryna ygrarlylygyny, şeýle hem durnukly hyzmatdaşlygyň geljegiň kepili boljakdygyna ynamyny görkezýär.

“TurkmenTextile Expo-2025” sergisi hakda

TurkmenTextile Expo-2025 — bu halkara derejeli ýöriteleşdirilen sergi bolup, 2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Serginiň guramaçylary: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we TurkmenExpo kompaniýasy.

Serginiň esasy ugurlary şulardan ybarat:

  • Dokma enjamlary we tehnologiýalary

  • Egin-eşik, aýakgap we deri önümleri

  • Tebigy süýümleri gaýtadan işlemek

  • Ekologiýa taýdan arassa we öý dokma önümleri

  • Boýaglar, himiki serişdeler, furnitura

  • Aksessuarlar we beýleki goşundylar

  • Innowasion tehnologiýalary

  • Moda we dizaýn

Bu sergi Türkmenistanyň dokma pudagyndaky üstünlikleriniň görkezilmegi, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm platforma bolar.

TurkmenTextile Expo-2025 Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we ýurduň öňdebaryjy sergi guramaçysy bolan TurkmenExpo tarapyndan guralýar. Ýokary derejeli guramaçylyk bilen TurkmenExpo Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda söwdanyň, innowasiýanyň we medeni alyş-çalyşyň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Habarlaşmak üçin maglumat:

Telefon: (+99371)87-18-12 / (+99363)71-95-88

Email: contact@turkmenexpo.com

Serginiň sahypasy: https://turkmentextile.turkmenexpo.com/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026