HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada 42-nji ÝAT-niň plenar hepdeligi başlandy

Maý 28, 2025 | 07:05 |4456
26-30-njy maý aralygynda Moskwada Ýewraziýa toparynyň bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça 42-nji plenar hepdeligi geçirilýär. Bu topara Belarus, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär, ýene 17 döwlet we 24 halkara hem-de sebit guramasy synçy derejesine eýe26-30-njy maý aralygynda Moskwada Ýewraziýa toparynyň bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça 42-nji plenar hepdeligi geçirilýär. Bu topara Belarus, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär, ýene 17 döwlet we 24 halkara hem-de sebit guramasy synçy derejesine eýe
Çeşme: wikipedia.org

26-30-njy maý aralygynda Moskwada Ýewraziýa toparynyň bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça 42-nji plenar hepdeligi geçirilýär. Bu topara Belarus, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär, ýene 17 döwlet we 24 halkara hem-de sebit guramasy synçy derejesine eýe.

Bu çäre, ýurtlary özara baha bermegiň täze tapgyryna taýýarlamak we pul bilen baglanşykly düzgün bozulmalara we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreşde täzelenen FATF talaplaryny durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlanýar. Hususan-da, bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek boýunça kanunçylyk çärelerine, aktiwleriň yzyna gaýtarylmagynyň käbir elementleriniň guramaçylykly jenaýatçylygyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmeginiň öňüni almak üçin gurallar hökmünde ulanylmagyna garalar. Bu barada guramanyň KHBS wekilleri üçin beren maglumatlarynda habar berilýär.

Plenarly sessiýa 15-den gowrak Ýewraziýa sebitinden, Ýakyn Gündogardan, Afrika we Günorta-Gündogar Aziýadan 200-den gowrak wekiliýeti, şeýle hem 20-den gowrak halkara guramany birleşdirer. Bu çärelere maliýe barlaglary, degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, hususy ulgamyň işgärleri, bilermenler we ylmy toparlar gatnaşar. Hepdäniň dowamynda möhüm wakalar bolup geçer: ÝAT agza döwletleriň IV parlamentarileriň forumy, Gözegçilik edaralarynyň bilelikdäki forumy we ÝAT we MENAFATF “Täze tehnologiýalar döwründe töwekgelçilikleri dolandyrmak”, “EAG / CFT” halkara tor instituty geňeşiniň 22-nji mejlisi, ÝAT “Ýaşyl” başlangyçlar we beýleki çäreler.

Esasy waka, Ýewraziýa sebitindäki maliýe howpsuzlygyna abanýan esasy töwekgelçilikleri we howplary hem-de ýurtlaryň maliýe howpsuzlygy pudagynda durmuşa geçirýän möhüm taslamalaryny öwrenjek ÝAT-niň plenar sessiýasy bolar. Wekiliýetler ÝAT ýurtlarynda bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy ulgamlaryň ösüşi, sebit töwekgelçiligini azaltmak çäreleri we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy gowulandyrmak bilen baglanyşykly köp sanly meselä serederler. Şeýle hem, tehniki kömek, özara baha bermek we hukuk meseleleri, tipologiýa hem-de terrorçylygyň we jenaýatyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça iş toparlarynyň mejlisleri bolar.

ÝAT-niň esasy maksady – agza döwletleriň maliýe ulgamlaryny we ykdysadyýetlerini pul bilen baglanşykly düzgün bozulmalary, terrorçylygy maliýeleşdirmek hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny halkara ülňülerine laýyklykda maliýeleşdirmek howplaryndan goramak üçin şertleri gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026