HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli añ babatda hyzmatdaşlyk: BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde çykyş etdi

Maý 28, 2025 | 18:07 |4223
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri: Nebit we gaz pudagyna emeli añy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri: Nebit we gaz pudagyna emeli añy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri: Nebit we gaz pudagyna emeli añy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi.

Çäre BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hameli tarapyndan geçirildi. Seminar uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalary merkeziniň maslahatlar zalynda bolup geçdi. Oňa uniwersitetiñ rektory, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary, talyplary we BAE-niň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşynyň dowamynda ilçi Ahmed Al-Hameli ýurdunyň emeli añy ylmy-bilim ulgamynda hem-de nebit we gaz pudagynda ulanmakdaky tejribesi bilen paýlaşdy. Ol BAE-da çagalyk döwründen başlap emeli añy öwredilýändigini hem-de ony dünýä belli we ýerli kompaniýalaryň gatnaşmagynda energetika ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýandygyny belläp geçdi. Bu bolsa eýýäm möhüm netijeleri berýär.

Ilçi şeýle hem BAE-niň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrdy we ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Onuň çykyşyndan soň talyplar we mugallymlar öz soraglaryny berip, giňişleýin jogaplary aldylar.

Seminaryñ ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň, aýratyn-da emeli añy ösdürmek we ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026