HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines Moskwa şäherine gatnawlaryny ýatyrýar

Maý 28, 2025 | 15:05 |5079
Turkish Airlines awiakompaniýasy Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli Moskwa uguryndaky birnäçe uçuşyny ýatyrdyTurkish Airlines awiakompaniýasy Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli Moskwa uguryndaky birnäçe uçuşyny ýatyrdy
Çeşme: Turkish Airlines

Turkish Airlines awiakompaniýasy Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli Moskwa uguryndaky birnäçe uçuşyny ýatyrdy. Bu bolsa "Domodedowo", "Wnukowo" we "Žulowskiý" ýaly howa menzilleriniñ tertibinde üýtgetmelere getirdi. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorylaryň birleşigine (RSOB) salgylanyp, РИА Новости habar berýär.

«Turkish Airlines ýene-de Moskwa uçuşlaryny ýatyryp başlady. ... 26-njy maý gijesi Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara we gonuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli "Domodedowo", "Wnukowo" we "Žukowskiý" howa menzilleriniň tertibinde üýtgeşmeler boldy. Uçuşlaryň 60%-e çenli kadaly wagtlaýyn ýerine ýetirilmeýär ýa-da tutuşlygyna ýatyrylýar. Bu ýagdaý Turkish Airlines kompaniýasynyň gatnawlaryna-da täsir etdi» - diýlip, habarda aýdylýar.

RSOB-yň maglumatyna görä, "Wnukowo" howa menzilinden Stambul we Antalýa ugurly birnäçe Turkish Airlines uçuşy ýatyryldy. Şeýle hem "Domodedowo" howa menziline Stambuldan we Antalýadan gelýän uçuşlar, AZAL kompaniýasynyň Bakudan "Domodedowo" uçuşy we Qanot Sharq kompaniýasynyň Daşkentden "Domodedowo" uçuşy ýatyryldy.

RAOB-da habar berilşi ýaly, häzirki wagtda syýahatçylyk operatorlar ýagdaýy seljerýärler we uçuş tertibiniň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan syýahatçylara täze uçuş wagty baradaky habarlara garaşmagy maslahat berýärler.

«Tehniki sebäpler bilen käbir ýagdaýlarda Turkish Airlines tabloda uçar gijikdirilýän ýagdaýda däl-de, ýatyryldy diýip görkezýär. Uçup bilýän pursat dörese, tabloda gatnaw wagty we belgisi üýtgedilýär we uçar uçurylýar. Biz ähli maglumatlary kabul eden badymyza öñünden edilen sargytlara degişli üýtgeşmeleri girizýäris» - diýip, Pegas Touristik syýahatçylyk operatorynyň baş direktory Anna Podgornaýa belledi. Onuñ sözleri Birleşigiñ habarynda getirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026