HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyñ nebit däl önũmleriniñ Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy

Maý 27, 2025 | 09:40 |4193
Dowam edýän eýran ýylynyñ birinji aýynda (2025-nji ýylyñ 21-nji marty - 20-nji apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eksporty geçen ýylyñ meñzeş döwri (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3,1 % hem-de agram babatda 2,1 % ýokarlandy.Dowam edýän eýran ýylynyñ birinji aýynda (2025-nji ýylyñ 21-nji marty - 20-nji apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eksporty geçen ýylyñ meñzeş döwri (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3,1 % hem-de agram babatda 2,1 % ýokarlandy.
Çeşme: rbc.ru

Dowam edýän eýran ýylynyñ birinji aýynda (2025-nji ýylyñ 21-nji marty - 20-nji apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eksporty geçen ýylyñ meñzeş döwri (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3,1 % hem-de agram babatda 2,1 % ýokarlandy.

Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyñ Gümrük dolandyryşyna salgylanyp, eýran köpçülikleýin habar beriş serişdeleri belleýär. Berilýän maglumatlara görä, Eýran Türkmenistana umumy bahasy 26,9 mln ABŞ dollary bolan 104 müñ tonna golaý nebit däl önümleriniñ eksportyny amala aşyrdy. Statistikanyñ görkezişi ýaly, geçen ýylyñ birinji aýynyñ dowamynda Eýranyñ Türkmenistana eksport eden nebit däl önümleriniñ möçberi umumy bahasy 26,1 mln ABŞ dollaryna barabar bolan 102 müñ tonna golaý boldy.

Oba hojalyk we azyk önümleri, senagat harytlary, transformatorlar, suw sowadyjylary, nebit-himiýa önümleri we beýleki harytlar eksport edildi. Statistika maglumatlaryna laýyklykda, birinji aý üçin Eýranyñ Türkmenistan bilen nebit däl haryt dolanyşygynyñ möçberi 105 müñ tonna golaý bolup, ol 27,4 mln ABŞ dollaryna deñ boldy. Haryt dolanyşygy geçen ýylyñ şol bir aýy bilen deñeşdirilende baha möçberinde 3 % we agram babatda 2,5 % ýokarlandy.

Eýranyñ Gümrük dolandyryşynyñ hasabatyna görä, bir aýyñ dowamynda Eýranyñ umumy bahasy 2,94 mlrd dollara barabar bolan 8,95 mln tonna nebit däl önümleri eksport edendigini bellemeli.

Geçen eýran ýylynda (2024-nji ýylyñ 20-nji marty - 19-njy apreli) Eýranyñ nebit däl önümleriniñ Türkmenistana eden eksporty 1,36 mln tonna bolup, onuñ bahasy 445 mln dollardan gowrak boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026