HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katar bilen Türkmenistan futbol hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyga gol çekdi

Maý 26, 2025 | 23:55 |5167
Kataryň we Türkmenistanyň Futbol assosiasiýalary sportyň bu pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdi. Gol çekmek dabarasy 26-njy maýda, duşenbe güni, Doha şäherindäki Al-Bidda diňinde ýerleşýän Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildiKataryň we Türkmenistanyň Futbol assosiasiýalary sportyň bu pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdi. Gol çekmek dabarasy 26-njy maýda, duşenbe güni, Doha şäherindäki Al-Bidda diňinde ýerleşýän Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi
Çeşme: Kataryň Futbol assosiasiýasy

Kataryň we Türkmenistanyň Futbol assosiasiýalary sportyň bu pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdi. Gol çekmek dabarasy 26-njy maýda, duşenbe güni, Doha şäherindäki Al-Bidda diňinde ýerleşýän Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Kataryň Futbol assosiasiýasynyň adyndan resminama guramanyň ýolbaşçysy Jassim bin Raşid Al Buenaýin gol çekdi, türkmen tarapynyň adyndan bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Guwanç Öwekow gol çekdi.

Dabara şeýle hem iki federasiýanyň baş sekretarlary: Mansur Al-Ansari (Katar) we Serdar Geldiýew (Türkmenistan) gatnaşdy.

Bu ylalaşyga gol çekilmegi Kataryň Futbol assosiasiýasynyň Aziýanyň Futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we Aziýadaky dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklary berkitmek strategiýasyndaky ýene bir möhüm ädim boldy.

katar-turkmenistan-futbol (2).jpeg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026