HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daewoo E&C: Biz iň ýokary dünýä derejesindäki dökün öndürýän zawody gurarys

Maý 26, 2025 | 23:50 |7952
Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” gurluşyk kompaniýasy duşenbe güni Merkezi Aziýa bazaryna girmek boýunça öz meýilnamasyny mälim etdi we mineral dökün öndürýän zawodyny gurmak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen 784 million ABŞ dollarlyk şertnama baglaşdyGünorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” gurluşyk kompaniýasy duşenbe güni Merkezi Aziýa bazaryna girmek boýunça öz meýilnamasyny mälim etdi we mineral dökün öndürýän zawodyny gurmak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen 784 million ABŞ dollarlyk şertnama baglaşdy
Çeşme: Daewoo E&C

Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” gurluşyk kompaniýasy duşenbe güni Merkezi Aziýa bazaryna girmek boýunça öz meýilnamasyny mälim etdi we mineral dökün öndürýän zawodyny gurmak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen 784 million ABŞ dollarlyk şertnama baglaşdy.

Ýurduň Gündogar sebitinde ýerlşeýän – Türkmenabat şäherinde durmuşa geçirilýän bu taslama, umumy ýyllyk önümçilik kuwwaty 350 müň tonna fosforly we 100,000 tonna mmoniý sulfaty dökünlerini öndürýän desgalaryň gurluşygyny öz içine alýar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, gurluşygyň başlanan gününden 37 aýyň içinde tamamlamak meýilleşdirilýär.

“Daewoo E&C” geçen ýylyň oktýabr aýynda mineral dökünlerini öndürýän zawodyň taslamasy üçin geçirilen tender-bäsleşiginde ýeňiji hökmünde saýlandy we çarçuwaly şertnama esaslanýan gutarnykly şertnama şu ýylyň aprel aýynda Seulda gol çekildi.

Bu taslama Türkmenistanda ilkinji işimiz hökmünde bellidir – diýip, “Daewoo E&C”-iň Baş direktory Kim Bo-Hýon Aşgabatda şenbe güni geçirilen gol çekişlik dabarasynda aýtdy. - Kompaniýamyzyň giňişleýin tejribesine we çeşmelerine laýyklykda biz iň ýokary dünýä derejesindäki mineral dökün öndürýän zawod döretmegi maksat edinýäris”.

26052025-daewoo-ec-turkmenistan.jpg

Bu möhüm şertnama, Daewoo E&C”-iň tebigy baýlyklara we ösüş mümkinçiligine baý ösýän bazarda – Türkmenistanda barlygyny güýçlendirmegi maksat edinýär.

Kompaniýa, infrastruktura, täze şäher ösüşi we ýaşyl energetika pudagynda täze mümkinçilikleri öwrenmek bilen bir hatarda, Türkmenistandaky nebithimiýa we dökün öndürýän pudaklarda goşmaça şertnamalary baglaşmagy meýilleşdirýär.

Nigeriýada, Alžirda we Marokkoda uly göwrümli dökün zawodlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde tejribelerimize esaslanyp, Türkmenistanda özümiziň tehnologiki ussatlygymyzy görkezip biljekdigimize ynanýarys” – diýip, “Daewoo E&C”-iň wekili aýtdy.

ORIENT

Ýene-de tema boýunça

Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistanda iki zawod gurar

“Daewoo E&C” Türkmenabatda dökün öndürýän zawodynyň gurluşygy boýunça tender-bäsleşikde ýeňiji boldy

“Türkmenhimiýa” bilen “Daewoo E&C” Türkmenabatdaky zawodyň taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026