HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly çäre

Maý 24, 2025 | 20:29 |3380
“Halkara parahatçylyk we ynanyşkak ýylynda” mynasybetli Türkmenistan her gününi Watanyň parahatçylygyna we agzybirligine buýsanmak duýgusy bilen belleýär“Halkara parahatçylyk we ynanyşkak ýylynda” mynasybetli Türkmenistan her gününi Watanyň parahatçylygyna we agzybirligine buýsanmak duýgusy bilen belleýär
Çeşme: education.gov.tm

“Halkara parahatçylyk we ynanyşkak ýylynda” mynasybetli Türkmenistan her gününi Watanyň parahatçylygyna we agzybirligine buýsanmak duýgusy bilen belleýär. Mugallymlar ýaş nesliň kalbynda Watans bolan söýgini, bilimleri öwrenmäge ymtylyşy terbiýelemek arkaly bu işe uly goşant goşýarlar.

Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 83-nji orta mekdebiň kitaphanasynda “Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly edebi çäre geçirildi. Çäräniñ çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, onuň ömri barada ýazylan kitaplaryň hem-de makalalaryň giň sergisi guraldy we uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň açylyş davarasynda mekdebiň müdiri A. Orazberdiýewa we müdiriñ orunbasary T. Atabaýew Magtymgulynyň şygryýetiniň nesilleri terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekdiler. Uly synp okuwçylary taryhy hekaýalary we şygyrlary aýdyp, beýik şahyra bolan hormaty güýçlendirdiler.

Kitaphanaçy M. Baýrammämmedowanyň ýolbaşçylygynda okuwçylar Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky Magtymguly ýadygärligine bardylar. Ol ýerde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ “Magtymguly – dünýäniñ akyldary” atly kitabyndan parçalar okaldy, şeýle hem türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ “Hakyda göwheri” atly kitabyndan maglumatlar peýdalanyldy. Okuwçylar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhyndaky öçmejek yzyny we beýikligini nygtap, onuň şygyrlaryny we rowaýatlaryny buýsanç bilen okadylar.

Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň ruhy beýgelişi we gülläp ösüşi ugrunda bitirýän hyzmatlary üçin çuňňur hoşallygyň beýany boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026