HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gözýetimde 6G : GaN materialyndaky “berkitiji täsiri” arkaly ýarymgeçirijiler has güýçli boldy

Maý 25, 2025 | 16:25 |3788
Halkara inženerler we alymlar topary galliý nitrit (GaN) esasly ýarymgeçirijileriň işlenip düzülmeginde uly ylmy açyş etdilerHalkara inženerler we alymlar topary galliý nitrit (GaN) esasly ýarymgeçirijileriň işlenip düzülmeginde uly ylmy açyş etdiler
Çeşme: ixbt.com

Halkara inženerler we alymlar topary galliý nitrit (GaN) esasly ýarymgeçirijileriň işlenip düzülmeginde uly ylmy açyş etdiler. Bu üstünlik 6G tehnologiýasynyň ösüşi üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. 6G ulgamlary öz-özüni dolandyrýan ulaglar we wirtual hakykat ýaly tehnologiýalar üçin has ýokary maglumat geçiriş tizligini talap edýär.

Alymlar GaN esasly radioýygylyk güýçlendirijileriniň täze arhitekturasyny hödürlediler. Bu işde möhüm tapyndy — öň tanalmaýan täze fiziki hadysa bolan “berkitiji täsiri” boldy. Ol ýokary ýygylykly akymlary durnukly dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Topar müñlerçe nanogyralar arkaly tok akymyny ugrukdyrýan we ýokary gözenek täsirli meýdan tranzistorlaryny (SLCFET) synagdan geçirdi. Bu komponentler W-diapazonynda (75–110 GHz) rekord öndürijiligi görkezdi — bu bolsa 6G ulgamlary üçin niýetlenen ýygylyk aralygydyr.

Bristol uniwersitetiniň professory Martin Kuball bu täze fiziki hadysanyň enjamlaryň durnukly we ýokary ýygylykda işlemegine ýol açandygyny belledi.

Alymlar diňe bir berkitiji täsiriniň döreýän nokadyny anyklamak bilen çäklenmän, eýsem onuň uzak möhletleýin synaglarda hem durnuklydygyny subut etdiler — enjamda hiç hili ýaramazlyga ýol berilmedi. Şeýle durnuklylyk, her bir nanogyralaryň daşyna çekilen inçe dielektrik örtük bilen hem üpjün edilýär.

Bu ylmy açyş täze nesil energiýa tygşytlaýan, köp wezipeli çipleriň döredilmegine ýol açýar — bu bolsa geljekki hasaplaýyş tehnologiýalarynyň, kwant ulgamlarynyň we 6G torlarynyň binýadydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026