HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TRIS: FIAT Professional mikrologistika üçin üç tigirli elektromobili bilen tanyşdyrdy

Maý 25, 2025 | 16:45 |4258
FIAT Professional mikroulag meselelerini çözmek üçin döredilen ilkinji üç tigirli elektromobili — TRIS bilen tanyşdyrdyFIAT Professional mikroulag meselelerini çözmek üçin döredilen ilkinji üç tigirli elektromobili — TRIS bilen tanyşdyrdy
Çeşme: ixbt.com

FIAT Professional mikroulag meselelerini çözmek üçin döredilen ilkinji üç tigirli elektromobili — TRIS bilen tanyşdyrdy. Bu model üç görnüşde öndüriler: kabinaly şassi, ýük platformasy we pikap. TRIS-iň esasy maksady — kiçi telekeçiler we ösüp barýan sebitleriň ýaşaýjylary üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesini hödürlemekdir.

TRIS modully gurluşy, ulanmagyň ýönekeýligi we 90 kilometre çenli özbaşdak hereket etmegi bilen tapawutlanýar. 6,9 kWt·s kuwwatly batareýa adaty rozetkadan 4 sagat 40 minutda doly zarýad alýar. 9 kWt kuwwatly elektrik motory ulagyň tizligini 45 km/sag çenli ýetirýär. 3,17 metr uzynlygy we 3,05 metr yza öwrüm radiusy bilen TRIS dar şäher köçeleri üçin amatlydyr. Şonuñ bilen birlikde, ol 2,25 m² meýdanda 540 kilograma çenli ýük daşap bilýär.

«TRIS diňe bir ulag serişdesi däl. Bu — ykdysady garaşsyzlyga we jemgyýetçilik integrasiýasyna tarap ädimdir» - diýip, FIAT-yň ýolbaşçysy Oliwiýe Fransua aýtdy. TRIS-iň önümçiligi Marokkoda ýola goýuldy. Modeliň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin FIAT ony lizing we tapgyrlaýyn satyn alma görnüşinde hödürleýär. TRIS hyzmatda ulanmak üçin hem amatlydyr: sink bilen örtülen çarçuwasy poslama garşy goraýar, sarsgyç ulgamynyň we tizligi üýtgediş guralyñ ýoklugy bolsa ulanyş çykdajylaryny peseldýär. Geljekde TRIS awtopark dolandyryş ulgamy we GPS trekerler bilen üpjün ediler. Derñew geçiriji hünärmenleriñ pikirine görä, TRIS ergonomiki dizaýny, uýgunlaşma mümkinçilikleri we elýeterli bahasy bilen täjirçilik elektroulag bazarynda nusgalyk modele öwrülip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026