HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GS1 Türkmenistan halkara GS1 guramasyna agza bolmagynyň 10 ýyllygyny belledi

Maý 25, 2025 | 03:34 |3847
19-22-nji maý aralygynda Mumbaý şäherinde geçirilen GS1 Halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda GS1 Türkmenistan milli guramasynyñ identifikasiýa üçin global standartlary we çözgütleri işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat ýygnamak we alyş-çalyş etmek bilen meşgullanýan bu abraýly guramasyna agza bolmagynyñ 10 ýyllygy dabaraly bellenildi19-22-nji maý aralygynda Mumbaý şäherinde geçirilen GS1 Halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda GS1 Türkmenistan milli guramasynyñ identifikasiýa üçin global standartlary we çözgütleri işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat ýygnamak we alyş-çalyş etmek bilen meşgullanýan bu abraýly guramasyna agza bolmagynyñ 10 ýyllygy dabaraly bellenildi
Çeşme: gs1-tm.org

19-22-nji maý aralygynda Mumbaý şäherinde geçirilen GS1 Halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda GS1 Türkmenistan milli guramasynyñ identifikasiýa üçin global standartlary we çözgütleri işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat ýygnamak we alyş-çalyş etmek bilen meşgullanýan bu abraýly guramasyna agza bolmagynyñ 10 ýyllygy dabaraly bellenildi.

GS1 Türkmenistan guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa milli guramanyň üstünlikli işi we GS1 guramasynyñ global maksatlaryna hem-de umumy strategiýasyna goşan goşandy üçin ýörite ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.

GS1 Türkmenistan guramasynyň 10 ýyllygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyñ» yglan edilmegi bilen hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Standartlaşdyrma boýunça öňdebaryjy halkara gurama bolan GS1-e Türkmenistanyň agza bolmagy, ýurduň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý türkmen önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we halkara söwdany ýeňilleşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de bu agzalyk, BMG-niň Düzgünnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýan giň halkara dialogyny ösdürmäge gönükdirilen Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň beýanydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026