HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-niň sebit iş topary: Merkezi Aziýa üçin “ýaşyl” energetika boýunça hünärmenler

Maý 24, 2025 | 20:38 |5336
Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýärTürkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýär
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýär. Bu meseleler 22-23-nji maýda geçirilen ugrukdyryjy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda sebitdäki okuw mekdepleriniñ diňe birnäçesi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) boýunça maksatnamalary hödürleýär. Zerurlyklaryň seljermesi hünärmenleriň ýetmezçiliginiň artýandygyny görkezýär, bu ýagdaý bolsa GDEÇ-leriň ösüşine we ykdysady ösüşe päsgel berýär. “Ýaşyl” energetika geçişini çaltlandyrmak üçin energiýa pudagyna aýal-gyzlary çekmek hem möhümdir.

Merkezi Aziýa ýurtlaryna GDEÇ üçin hünärmenleri taýýarlamakda goldaw bermek maksady bilen ÝHHG RECCA bilen bilelikde inklýuziw energetiki geçiş boýunça bilim meselelerine bagyşlanan sebitleýin iş toparyny (RTEET) döredýär. Türkmenistandan bu topara gatnaşýanlar: Allamyrat Hojaýew (Bilim ministrligi), Agamyrat Owulýagulyýew (GDEÇ boýunça ylmy-tehniki merkez) we Serdar Mämmedniýazow (“Tebigy Kuwwat”). RTEET Merkezi Aziýanyň bilim edaralarynyň, ministrlikleriniň we energetika kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy üçin sebitleýin platforma bolar. Onuň maksady — tehniki ýokary okuw mekdeplerinde GDEÇ boýunça bilim maksatnamalary güýçlendirmek we sebitdäki energetiki geçiş üçin inklýuziw hem-de geljegi uly zähmet güýjüni döretmek.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026