HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda "Ak şäherim Aşgabat" atly XXIV Halkara köpugurly sergisi açyldy

Maý 24, 2025 | 10:30 |45723
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Aşgabat şäheriniñ güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV Halkara köpugurly sergisi açyldyTürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Aşgabat şäheriniñ güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV Halkara köpugurly sergisi açyldy
Çeşme: Orient.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Aşgabat şäheriniñ güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV Halkara köpugurly sergisi açyldy. 24–25-nji maý aralygynda geçirilýän bu sergä gurluşyk, binagärlik, dizaýn we şäher gurluşygy ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän takmynan 200 sany türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýasy gatnaşýar.

1

Sergide döwlet edaralary, hususy kärhanalar we işewür düzümler häzirki zaman Aşgabadyň keşbini döretmäge gönükdirilen “ýaşyl” tehnologiýalar hem-de beýleki innowasion taslamalary bilen çykyş edýärler. döwlet edaralary, hususy kärhanalar we işewür düzümler häzirki zaman Aşgabadyň keşbini döretmäge gönükdirilen “ýaşyl” tehnologiýalar hem-de beýleki innowasion taslamalary bilen çykyş edýärler.

2

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öz ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, bu sergi köp ýyllaryň dowamynda paýtagtymyzda amala aşyrylan giň gerimli özgerişlikleriň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

3

Serginiň dabaraly açylyş çäresine Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle-de Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

4

Bu sergi döwlet şähergurluşyk syýasatynyň gurluşykdan we binagärlikden başlap, senagat, ulag, aragatnaşyk, maliýe, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ýaly köp ugurlaryny öz içine alýandygyny aýdyň görkezýär.

5

Sergide senagat önümlerinden we amaly-haşam sungat eserlerinden başga-da, ekologiýa taýdan arassa şäher ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen iri “ýaşyl” maýa goýum taslamalary, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar hem-de şäher gurşawynyň abadançylygyny saklamaga gönükdirilen gurluşyk taslamalary görkezilýär.

6

Serginiň möhüm bölegini inžener kommunikasiýalaryñ awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary eýeleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026