HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleri güýçlendirýär

Maý 24, 2025 | 04:20 |5479
«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurdumyzyñ günbatar we günorta sebitlerinde täze nebit hem-de tebigy gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işlerini işjeň alyp barýar. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow 23-nji maýda, anna gününde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurdumyzyñ günbatar we günorta sebitlerinde täze nebit hem-de tebigy gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işlerini işjeň alyp barýar. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow 23-nji maýda, anna gününde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurdumyzyñ günbatar we günorta sebitlerinde täze nebit hem-de tebigy gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işlerini işjeň alyp barýar. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow 23-nji maýda, anna gününde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Berlen maglumata görä, ýataklary ýüze çykarmak üçin häzirki zaman kuwwatly tehnikalar, seýsmiki enjamlar hem-de öňdebaryjy programma üpjünçiligi ulgamlary ulanylýar. Bu işleriň üstünlikli geçirilmegi geljekde ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň çykarylyş möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary yzygiderli ýüze çykarmaga gönükdirilen ýokary hilli we netijeli geologik-gözleg işlerine aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasyna geljekde hem uglewodorod serişdeleriniň gözleg işlerini degişli derejede alyp barmagy hem-de çykaryş möçberini artdyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026