HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG Türkmenistana biodürlüligi goramak üçin “ekologiki geçelgeleri” döretmäge ýardam edýär

Maý 23, 2025 | 20:00 |5686
Aşgabatda Aral deňziniň basseýnindäki gymmatly tebigy ýerleri gorap saklamak we durnukly dolandyrmak boýunça ýokary derejeli tegelek stol görnüşindäki söhbetdeşligi geçirildiAşgabatda Aral deňziniň basseýnindäki gymmatly tebigy ýerleri gorap saklamak we durnukly dolandyrmak boýunça ýokary derejeli tegelek stol görnüşindäki söhbetdeşligi geçirildi
Çeşme: BMGÖM

Aşgabatda Aral deňziniň basseýnindäki gymmatly tebigy ýerleri gorap saklamak we durnukly dolandyrmak boýunça ýokary derejeli tegelek stol görnüşindäki söhbetdeşligi geçirildi. Bu çäre, biodürlülige gözegçilik etmegiň esasy netijelerini we Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygyny kämilleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenler, döwlet edaralarynyň işgärlerini we hyzmatdaşlary birleşdirýän bilelikdäki taslamanyň çäginde BMG-niň binasynda geçirildi.

IMG_6715.JPG

Esasy ekoulgamlaryň arasyndaky baglanyşygy üpjün etmek we biodürlüligi gorap saklamak üçin döredilen ylmy esasly giňişlikler – “ekologiki geçelgeler” diýlip atlandyrylýan we bufer zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berildi. Tegelek stoluň gatnaşyjylary bu tagallalary goldamak üçin zerur hukuk mehanizmlerine, şol sanda serhetüsti hyzmatdaşlyga we halkara ekologik standartlary bilen integrasiýa mümkinçiliklerine garadylar. Bu ugurda hereket edýän milli kanunçylygyň seljermesi hödürlendi.

20250522_111421.jpg

Gatnaşanlar goralýan ýerleri netijeli dolandyrmagyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ekoulgamlaryň hyzmatlarynyň ähmiýetini göz öňünde tutmagyň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda biodürlüligi goramak, ekologiýany dolandyrmagy gowulandyrmak we Türkmenistanda ýer serişdelerini tygşytly peýdalanmak baradaky işlere umumy ygrarlydyklary tassyklandy.

Bu çäre, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ählumumy ähmiýetini görkezýän BMG-niň biologik köpdürlilik baradaky konwensiýasynyň howandarlygynda 22-nji maýda bellenilýän Halkara biologiki köpdürlülik gününe gabat geldi.

20250522_111421.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026