HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SAA-nyñ Ýerine ýetiriji komiteti Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölümini açdy

Maý 22, 2025 | 14:15 |3986
Daşkentde Sebit aragatnaşyk arkalaşygynyñ (SAA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölüminiň açylyş dabarasy boldy. Täze düzüm telekommunikasiýalar we sanly tehnologiýalar ugry boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat ederDaşkentde Sebit aragatnaşyk arkalaşygynyñ (SAA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölüminiň açylyş dabarasy boldy. Täze düzüm telekommunikasiýalar we sanly tehnologiýalar ugry boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat eder
Çeşme: «Узбектелеком»

Daşkentde Sebit aragatnaşyk arkalaşygynyñ (SAA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölüminiň açylyş dabarasy boldy. Täze düzüm telekommunikasiýalar we sanly tehnologiýalar ugry boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat eder. Bu ýerde sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak, sanly infrastrukturany ösdürmek, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boýunça başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylar we işlenip düzüler. Bu barada täze bölümiň ýerleşjek binasy bolan "Uzbektelekom" paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Açylyş dabarasyna SAA-nyň baş direktory Alekseý Borodin, Özbegistan Respublikasynyň sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatow, "Uzbektelekom" paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Naziržon Hasanow, şeýle hem SAA-nyñ Geňeşiniň we Utgaşdyryjy geňeşiň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Daşkentde bölümiň açylmagynyň, Özbegistanyň sebitleýin sanly ösüşlere işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde ornuny pugtalandyrýandygyny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda aragatnaşyk hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugrunda amaly hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikler döredýändigini bellediler.

Sebit aragatnaşyk arkalaşygy 1991-nji ýylyň 17-nji dekabrynda gol çekilen "Sebit aragatnaşyk arkalaşygyny döretmek baradaky Ylalaşyga" laýyklykda gatnaşyjy döwletleriň aragatnaşyk edaralary tarapyndan döredildi. Guramanyň maksady elektrik we poçta aragatnaşygy ulgamynda giň hyzmatdaşlygy hem-de utgaşdyrylan çäreleriň alnyp barylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. SAA-nyň agzalaryna Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Ukraina döwletleriniň aragatnaşyk edaralary meýletinlik esasynda gatnaşýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026